
Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyndan oňyn özgertmelerinden täze öwüşginlere beslenýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy bu gün dünýä ýaýyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň düýp mazmunyny we parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki halkara ähmiýetini dünýä açyp görkezýär. Ak şäherimiz Aşgabat bolsa häzirki wagtda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä tanalýar. Baky Bitaraplygymyzyň ykrar edilen geçen 30 ýyllyk döwrüň tejribesi munuň şeýledigini doly subut edýär.
16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň döredilen güni mynasybetli zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar
baýragy gowşuryldy.
Şol Ýaşlar baýragyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenbakaleýa» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň söwda bölüminiň harytçysy Şasoltan Meredowa hem mynasyp boldy.
Çeşmesi Biznes reklama 2025-nji ýylyň 17- nji noýabry, duşenbe № 46 sany Şasoltanpdf_pages.pdf
11-nji dekabrda Söwda toplumynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda ministrligiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän edara-kärhanalarynyň arasynda yglan edilen «2020-nji ýylyň iň oňat söwda kärhanasy» atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Maslahatda çykyş edenler söwda toplumynyň işgärlerini ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem «2020-nji ýylyň iň oňat söwda kärhanasy» atly bäsleşikde ýeňiji bolan edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryny gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olara mundan beýläk hem işlerinderowaçlyk arzuw etdiler.
Soňra ýeňiji bolan edara-kärhanalaryň sanawy mälim edildi we Aşgabat şäherinden dürli ugurlarboýunça saýlanan kärhanalar sylaglandy. Oňa laýyklykda, jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary boýunça 1-nji orna «Paýtagt» söwda merkeziniň «Paýtagt» restorany mynasyp boldy. Şeýle hem önümçilik ugry boýunça 1-nji orna «Abadan» önümçilik kärhanasy we bazarlar boýunça 1-nji orna «Gündogar» bazary saýlanyldy. Lomaý-bölek söwda kärhanalarynyň arasynda «Türkmenbakaleýa» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýle-de söwda kärhanalarynyň arasynda 1-nji orna «Altyn Zaman» döwlet söwda merkezi mynasyp görüldi. Ýeňijilere gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň tapawutlanyp zähmet çeken hünärmenleriniň birnäçesine ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de zähmetde gazanan üstünlikleri üçin gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hatarynda durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.