Söwda pudagyna goşant goşýan zähmetkeş hünärmenler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
«Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr»


2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli halal zähmet çekip ýurdumyzyň söwda pudagyna goşan goşantlary üçin zähmetkeş hünärmenler  Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginde Hormat hatlar bilen sylaglandy. Olaryñ arasynda "Turkmenbakaleya" DLBSF nyň Baş buhgalteri Nurberdiýew Döwlet Möwlamberdiyewiç Hormat haty bilen sylaglandy.